Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Hytaý Halk Respublikasynyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizmek baradaky №10798 belgili Prezident Kararyna gol çekdi. Resminama 2025-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Resmi Gazete resmi neşirinde çap edildi. Bu karara laýyklykda adaty pasporty bolan Hytaý Halk Respublikasynyň raýatlary syýahatçylyk maksady bilen ýa-da üstaşyr geçmek üçin Türkiýä wizasyz girip bilerler. Wizasyz bolmagyň möhleti her 180 günlük döwürde 90 güne çenli rugsat edilýär. Täze düzgünler 2026-njy ýylyň 1-nji fewralyndan güýje girer. Bu karar daşary ýurtlylar we halkara goragy baradaky № 6458 belgili kanunyň 18-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir