Italiýaly hünärmen Enso Mareska Angliýanyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berdi. «Enso klubda işlän döwründe topary Konferensiýa ligasynda we Klublaýyn dünýä çempionatynda üstünlige getirdi. Bu üstünlikler klubuň täze taryhynyň möhüm bölegi bolup galar, biz oňa klubuň ösüşine goşan goşandyna minnetdarlyk bildirýäris. Dört ýaryş bilen bir hatarda Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyry ýaly başga-da möhüm wezipeleri çözmeli bolansoň, Enso we klub tälimçiler ştabyny çalyşmak topara möwsümiň gerekli ýoldan gitmegi üçin has gowy mümkinçilik berer diýip hasaplaýar» – diýlip, toparyň habarynda aýdylýar. Häzirki wagtda «Çelsi» Angliýanyň premýer-ligasynyň ýaryş jedwelinde bäşinji orny eýeleýär. Ol 19 tapgyrdan soň 30 utuk gazandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir