Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow göni ýaýlymda «Oguz han» köşkler toplumyndan türkmen halkyny Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli gutlady. Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda 2026-njy ýylyň Gündogar müçenamasynda ýylky, ýagny bedew ýylydygyny, türkmen halkynyň öz arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýandygyny, ahalteke bedewiniň türkmen halkynyň buýsanjydygyny, şöhratydygyny belledi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň Garaşsyz Watanyň täze taryhynda halkyň durmuşyny üstünliklere beslän ýyllaryň biri bolandygyny, bu ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň döwletli tutumlarynyň, taryhy başlangyçlarynyň has-da rowaçlanandygyny, ýurdy gülläp ösdürmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigini, berkarar döwleti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen, täze etraplaryň, döredilendigini, ýurduň ähli ýerlerinde döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş, sport desgalarynyň, medeniýet edaralarynyň, önümçilik binalarynyň, başga-da köpsanly desgalaryň ulanylmaga berlendigini aýtdy. «Hormatly adamlar! Ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen biz ýetip gelen 2026-njy ýyla «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip at berdik. Hoşniýetli arzuw-umytler bilen garşy alýan täze ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny belläp geçeris. Watanymyzy bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris. Eziz watandaşlar! Şu pursatda siziň ähliňize berk jan saglygyny we täze üstünlikleri arzuw edýärin. Täze ýyl abadançylygyň, rysgal-berekediň ýyly bolsun! Maşgala ojaklaryňyza agzybirlik, döwletlilik ýar bolsun! Täze ýyl rowaçlyk, bagt getirsin! Täze ýyl bedew bady bilen ähliňizi maksat-myrada ýetirsin! Täze 2026-njy ýylyňyz gutly bolsun!» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gutlagynyň ahyrynda türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.