Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa täze, 2026-njy ýyl — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Gahryman Arkadagyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhynda aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden bellenilip geçilmegi ýurduň halkara derejesindäki at-abraýynyň dabaralanmasy bolup, her bir türkmeniň watançylyk ruhuny belende göterdi. Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygyny ýene bir gezek dünýä äşgär etdi. «Täze ýylda hem eziz Watanymyzyň baştutanlygyňyzda durnukly ösüş ýolunda ynamly öňe gitjekdigine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwatymyzy pugtalandyrmak, ýaş nesilleriň bagtyýar geljegini üpjün etmek boýunça beýik maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine berk ynanýaryn» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gutlagynda nygtaýar. Gutlag hatynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet Baştutanynyň janynyň sag, ömrü¬niň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalarynyň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny, uly ruhubelentlik bilen garşy alynýan ýylyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşleriniň täze sahypasyny açmagyny, türkmen halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk getirmegini arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir