«Kapwing» kompaniýasynyň geçiren barlaglaryna görä, «YouTube» platformasynyň täze ulanyjylara hödürleýän wideolarynyň takmynan 20%-i tomaşa sanyny emeli usullar bilen köpeltmek üçin döredilen, emeli aňyň (EA) pes hilli önümidir. Bu barada «The Guardian» gazeti habar berýär. Dürli ýurtlardan bolan 15 000 meşhur kanalyň seljermesi netijesinde, olaryň 278-siniň dolulygyyna şeýle mazmundan ybaratdygy anyklandy. Bu kanallar umumylykda 63 milliarddan gowrak gezek görlüp, 221 million abunaçy toplady. Olaryň ýyllyk girdejisi bolsa takmynan 117 million dollara deň boldy. Geçirilen barlaglar täze açylan YouTube akkaunty arkaly tassyklanyldy. Ilkinji maslahat berlen 500 wideonyň 104-si neýron ulgamlary tarapyndan döredilipdir. Tutuş wideolar toplumynyň takmynan üçden biri diňe tomaşaçylaryň ünsüni çekip, girdeji gazanmaga (monetizasiýa) gönükdirilen mazmundan ybarat boldy. Barlagçylar bu ýagdaýyň bütin dünýäde giňden ýaýrandygyny belleýärler. Ispaniýada takmynan 20 million adam (ýurduň ilatynyň ýarysyna golaýy) şeýle kanallara agzadyr. Sanawda ondan soňra Müsür (18 million abunaçy), ABŞ (14,5 million) we Braziliýa (13,5 million) gelýär. Mysal hökmünde, adama meňzeş maýmynyň bimany başdan geçirmelerini görkezýän «Bandar Apna Dost» hindi kanaly (2,4 milliard görülme) we rahatlandyryjy aýdym-sazyň astynda suw joşmalary baradaky EA-wideolaryny çap edýän Pakistanyň «The AI World» kanaly (1,3 milliard görülme) agzalýar. YouTube wekilleri emeli aňyň dürli hilli mazmun döretmek üçin ulanylyp bilinjekdigini we platformanyň jemgyýetçilik kadalaryny bozýan materiallara garşy göreşmegini dowam etdirýändigini mälim etdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir