Kaka kän müdirligi önümçilik görkezijilerini yzygiderli ýokarlandyrýar. 2025-nji ýylyň on bir aýynda 25 million 500 müň 208 manatlyk önüm öndürildi. Netijede geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104 göterim ösüş gazanyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, ýylyň başyndan bäri müdirlik boýunça magdan däl görnüşlere baý bolan ýataklardan alnan çig mal ýokary talaplara laýyklykda işlenildi. Şeýlelikde, daş owuntygynyň, ýuwlan çägäniň, çagyl-çäge garyndylarynyň müňlerçe tonnasy sarp edijilere ugradyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir