Google ulanyjylara öz akkauntlaryny ýa-da maglumatlaryny ýitirmezden, Gmail elektron poçta salgylaryny üýtgetmäge mümkinçilik berýän funksiýany girizip başlady. Bu barada kompaniýanyň goldaw sahypasyndaky täzelenen mümkinçilikleriň sanawynda habar berilýär. Ulanyjylar indi özleriniň @gmail.com salgysyndaky adyny üýtgedip bilerler. Salgy üýtgedilenden soň, köne e-poçta salgysyna iberilýän ähli hatlar şol bir hasaba gelmegini dowam etdirer. Google-yň düşündirişine görä, köne salgy awtomatik usulda goşmaça (alias) salgy hökmünde hasaba alnar. Hasaba girmek üçin indi täze salgy ulanylar, ýöne ulanyjynyň suratlary, resminamalary we beýleki şahsy maglumatlary doly saklanar. Bu hyzmat birnäçe çäklendirmeleri hem öz içine alýar. Salgyny üýtgedeninden soň, ulanyjy bir ýylyň dowamynda täze e-poçta salgysyny pozup ýa-da gmail.com domeninde täze bir salgy döredip bilmez. Mundan başga-da, bir hasabyň salgy adyny onuň hereket edýän bütin döwründe diňe üç gezek üýtgetmäge rugsat berilýär. Köne salgy ulanyja hemişelik berkidilýär; ony başga hiç kim täzeden hasaba aldyryp bilmez.