NASA-nyň we Boeing-iň inženerleri täze görnüşli, uzaldylan we inçe ganatyň nusgasyny synagdan geçirdiler. New Atlas neşiriniň habar bermegine görä, bu gurluş ýangyç sarp edilişini we zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak üçin niýetlenendir. Lengliniň aerodinamika merkezinde hünärmenler çeýe aerodinamiki üstler ulanylanda ýüze çykýan titremeleri (wibrasiýalary) dolandyryş ulgamyny synagdan geçirdiler. NASA-nyň aerokosmos inženeri Jennifer Pinkerton taslamanyň jikme-jiklikleri barada maglumat berdi. Onuň sözlerine görä, uzyn we inçe ganatlar howanyň garşylygyny azaldýar, ýöne olar güýçli rezonansa örän ýykgyn bolýar. Bu ýagdaýa garşy göreşmek üçin NextGen Aeronautics kompaniýasynyň döreden dört metrlik nusgasynda on sany hereketli panel ulanyldy. Bu mehanizmler ganatyň gurluşyna zeper ýetirip biljek "flatter" — ýagny, güýçli we durnuksyz titremeleri basyp ýatyrmaga kömek edýär. "Ganat örän çeýe bolanda, ol adaty ganatdan has güýçli titreýär" diýip, Jennifer Pinkerton düşündirýär. "Flatter örän howply — diýip, inžener sözüni dowam edýär. — Ganatyň üstündäki howa akymy uçaryň gurluşy bilen özara täsirleşip, ganatyň şahsy ýygylyklaryny oýadanda, titremeler güýçlenýär we gysga wagtyň içinde ösüp, gurluşyň doly weýran bolmagyna getirip bilýär".

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir