ABŞ-da Deinosuchus schwimmeri görnüşiniň skeletiniň ylmy taýdan takyk ilkinji nusgasy döredildi. Bu taryhdan öňki alligator hatda dinozawrlaryň hem ýüregine dowul salmagy başarypdyr we öz döwrüniň iň howply ýyrtyjylarynyň biri hasaplanypdyr. Täze prototip Jorjiýa ştatynyň Karterswill şäheriniň golaýyndaky Tellus ylym muzeýinde (Tebigatyň taryhy we tebigy ylymlar muzeýi) sergilenip başlandy. Deinosuchus schwimmeri, takmynan, 83–76 million ýyl mundan ozal häzirki ABŞ-nyň gündogar böleginde ýaşapdyr. Ol häzirki zaman krokodilleriniň ýakyn garyndaşy bolsa-da, ölçegi boýunça olardan has uly bolupdyr. Taýýarlanan nusganyň uzynlygy 9,4 metre ýetýär, bu bolsa adaty awtobusyň uzynlygy bilen deňdir. Skeletiň döredilmegine Deinosuchus urugyndan bolan äpet demirgazyk amerikan krokodilleri boýunça hünärmen, Ogaýo ştatynyň uniwersitetiniň geologiýa professory, doktor Dewid Şwimmer gatnaşdy. Paleontologlar topary 2020-nji ýylda täze görnüşi anykladylar we alymyň hormatyna ony Deinosuchus schwimmeri diýip atlandyrdylar. Şwimmer 40 ýyldan gowrak wagt bäri bu haýwanyň galyndylaryny gözläp we öwrenip gelýär. Onuň tapan nusgalary häzirki wagtda ABŞ-nyň öňdebaryjy muzeýlerinde — Waşingtondaky Smitson institutynda, Nýu-Ýorkdaky Amerikan tebigatyň taryhy muzeýinde we Tellus ylym muzeýinde saklanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir