Xiaomi resmi taýdan özüniň ilkinji premium derejeli akylly displeýini — Smart Home Screen 11-i yglan etdi. Täze önüm planşetiň we smart-kolonkanyň mümkinçiliklerini birleşdirýän, akylly öý ekoulgamyny dolandyryş merkezi hökmünde hödürlenýär. Enjam 1920×1200 çözgütli we 400 nit ýagtylykly 11 dýuýmlyk displeý bilen üpjün edilen. Öndüriji ekranyň gözüň saglygy üçin goragynyň bardygyny aýratyn belleýär. Gajetiň işiniň esasyny üznüksiz dialogy goldaýan we öý enjamlaryny ses buýruklary arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berýän oturdylan Super Xiaoai AI kömekçisi düzýär. Enjamyň korpusy ykjam formatda ýerine ýetirilen: dinamikler arka tarapa ýerleşdirilen. Smart Home Screen 11-i sanly fotoçarçuwa, ýedi sany wideo platformasyna elýeterliligi bolan stoluň üstünde goýulýan telewizor we wideoaragatnaşyk terminaly hökmünde ulanmak mümkin. Hytaý bazarynda täze önümiň bahasy 1299 ýuan (~185 dollar).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir