Şu gün Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygynda «Arkadag» we «Ahal» futbol klublary garşylaşar. Oýun Arkadag şäheriniň stadionynda sagat 15:00-da başlanar. Duşuşyga Berdimämmet Atdyýewiň ýolbaşçylygyndaky eminler topary hyzmat eder. Oňa gapdal eminler Yhlas Kurambaýew we Ýusup Jumamyradow kömek ederler, ätiýaçdaky eminiň wezipesini bolsa Eziz Ýazmyradow ýerine ýetirer. Garaşylýan duşuşyk Arkadag şäheriniň kubok ýaryşynyň finalyna eýeçilik edýän taryhdaky ikinji oýny bolar. Toparlar yzly-yzyna üçünji ýyldyr ýaryşyň aýgytlaýjy tapgyrynda duşuşýarlar. Mundan ozalky iki finalda «Arkadag» topary 3:0 we 1:0 hasaby bilen ýeňiş gazanypdy. Ýarym final duşuşyklarynda «Ahal» topary «Şagadamy», «Arkadagyň» futbolçylary bolsa «Aşgabat» klubuny ýeňmegi başardylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir