Blackstone amerikan maýa goýum gaznasy Uly Barýer rifiniň düzümine girýän Uitsandeý ulgamynyň iň uly adasyny – Gamilton adasyny satyn alýar. Şertnamanyň resmi mukdary görkezilmeýär, ýöne Awstraliýanyň ABC teleradiokompaniýasy maýa goýum gaznasynyň 1,2 mlrd dollar tölejekdigini habar berýär. Şertnamany ýapmak üçin adanyň degişli bolan Kwinslend ştatynyň ýolbaşçylarynyň tassyklamagy gerek. ABC bilen söhbetdeş bolan bilermenler şertnamanyň çak edilýän bahasyny örän ýokary hasaplaýar we adada emläk bahasynyň ýokarlanmagyna garaşýar. Gamilton Kwinslend kenaryndan, takmynan, 12 km uzaklykda ýerleşýär we 1130 gektar töweregi meýdany eýeleýär. Onuň ady arhipelagy kartalaşdyrmak bilen meşgullanan 1866-1868-nji ýyllaryň deňiz ekspedisiýasyna gatnaşyjylaryň biriniň ady bilen baglanyşykly diýlip hasaplanýar. 1975-nji ýylda adany awstraliýaly telekeçi Kit Uilýams satyn aldy we ony ilkibaşda oba hojalygy üçin ulandy, soňra dynç alyş zolagyna öwürdi. 1980-nji ýyllardan bäri Gamilton meşhur syýahatçylyk ugry boldy. 2003-nji ýylda ada çakyr öndüriji Robert Outli tarapyndan, takmynan, 300 mln dollara satyn alyndy. Häzirki günde Gamiltonda bäş sany ýokary derejeli otel, 20-den gowrak restoran we barlar, dükanlar, golf meýdançasy, gämiler üçin duralga we howa menzili bar. Adanyň hemişelik ilaty 2 müň adama barabar.