58 ýaşly ýapon hüjümçisi Kadzuýosi Miura Ýaponiýanyň çempionatynyň üçünji diwizionynyň «Fukusima Ýunaýted» kluby bilen şertnama baglaşdy diýip, Japan Today habar berýär. Täze möwsüm rekord eýesi bolan futbolçy üçin 1982-nji ýylda başlanan professional karýerasynda 41-nji bolar. Miura dünýäde iň uly ýaşly oýnaýan futbolçy hasaplanýar. «Fukusima Ýunaýted» onuň sanawynda eýýäm 19-njy klub bolar. Häzire çenli Miura dürli ýurtlarda, şol sanda Braziliýanyň «Santos» we Italiýanyň «Jenoa» klublary ýaly abraýly toparlarda oýnady. Ol Italiýanyň Seriýa A ligasynda oýnan ilkinji ýapon oýunçysy boldy. Şeýle-de, ol Horwatiýanyň, Awstraliýanyň we Portugaliýanyň klublarynda çykyş etdi. Ýaponiýanyň milli ýygyndysynda Miura 89 oýna gatnaşyp, 55 gol geçirdi we milli toparyň taryhynda iň gowy netije görkezen oýunçylaryň biri boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir