IBF, WBA, WBO we IBO boýunça superagyr agramda öňki dünýä çempiony Entoni Joşua amerikaly bloger-boksçy Jeýk Pola garşy söweş üçin gazanan hakyndan, takmynan, 48,6 mln dollar salgyt tölemeli bolar. Bu barada Yahoo Sports habar berýär. Söweş 20-nji dekabrda Florida ştatynyň Maýami şäherinde geçirildi we Joşuanyň altynjy raundda nokaut arkaly ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, söweşijileriň ikisi-de 93 mln dollar gazandy. Söweşiň ABŞ-nyň çäginde geçendigi üçin Joşuanyň gonorary iň ýokary – 37% goýum boýunça federal girdeji salgydynyň täsirine düşýär. Pul aňlatmasynda bu, takmynan, 34,5 mln dollara barabar. Mundan başga-da, Entoni Joşua Beýik Britaniýanyň raýaty bolandygy üçin Britaniýanyň salgyt kanunyna laýyklykda, daşary ýurtlarda gazanan girdejisinden salgyt tölemäge borçlanýar. Yahoo Sports-yň hasaplamalary boýunça, bu mukdar 14,1 mln dollar bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir