Disney kompaniýasy “Gözel we nägehan” äleminde bolup geçýän täze doly metražly filminiň üstünde işläp başlady. Bu gezek filmiň baş gahrymany studiýanyň iň meşhur zalymlarynyň biri — öwünjeň Gaston bolar. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, filmiň ssenarisini öň "Şan-Çi we on ýüzügiň rowaýaty" hem-de "Godzilla we Kong: Täze imperiýa" filmleriniň üstünde işlän Dewid Kallaham ýazar. Filmiň ýordumy baradaky jikme-jiklikler häzirlikçe gizlin saklanýar. Şeýle-de bolsa, režissýoryň kimdigi we baş keşbi kimiň janlandyrjakdygy barada resmi maglumat ýok. Gaston ilkinji gezek 1991-nji ýylda çykan Disney-iň klassiki animasiýasynda peýda bolupdy. Ýordum boýunça ol diňe özüni gowy görýän awçy bolup, Belliň göwnüni awlamaga synanyşýar, emma bu synanyşygy şowsuz tamamlanýar. Bu taslama kompaniýanyň ikinji derejeli keşpler ýa-da zalym gahrymanlar barada aýratyn filmler döretmek strategiýasynyň dowamydyr. Disney mundan öň hem meňzeş taslamalary amala aşyrypdy. Mysal üçin, 2021-nji ýylda çykan “Kruella” (Cruella) filmi “101 dalmatinliler” ertekisindäki meşhur zalym zenan keşbini beýan edipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir