Amerikanyň Tiiny AI startapy, Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan dünýäniň iň kiçi şahsy emeli aň (EA) superkompýuteri hökmünde ykrar edilen Tiiny AI Pocket Lab enjamyny tanyşdyrdy. Täze önüm barada Interesting Engineering neşiri habar berýär. Daşky görnüşi boýunça adaty zarýad beriji enjama (powerbank) meňzeýän bu gurluş, 120 milliard parametre çenli bolan uly dil modellerini (LLM) hiç hili internete baglanmazdan, ýerli derejede işletmäge ukyplydyr. Bu täzeçillik emeli aň ulgamlarynyň bulut infrastrukturasyna, daşarky serwerlere we gymmat bahaly grafik prosessorlara (GPU) bolan garaşlylygyny azaltmak üçin möhüm ädimdir. Pocket Lab maglumat merkezleriniň (data-center) hasaplama güýjüni her bir ulanyjy üçin elýeterli edýär. Enjam bulut hyzmatlarynda ýüze çykýan durnuksyzlyk, ýokary energiýa sarp edijiligi we şahsy maglumatlaryň gizlinligi ýaly meseleleri çözmäge gönükdirilendir. Superkompýuter 12 ýadroly ARMv9.2 prosessory bilen enjamlaşdyrylan bolup, bary-ýogy 65 watta çenli energiýa sarp edýär. Ol 10 milliarddan 100 milliarda çenli parametrli modeller üçin has netijeli bolup, zerur bolan ýagdaýynda GPT-4 derejesindäki funksiýalary üpjün edýän 120 milliard parametrli modellere çenli hem ulalyp bilýär. Ulanyjynyň ähli maglumatlary, resminamalary we sazlamalary "bank derejesindäki" şifrleme arkaly diňe enjamyň özünde saklanýar. Pocket Lab dünýäde meşhur bolan Llama, Qwen, DeepSeek, Mistral, Phi we GPT-OSS ýaly açyk kodly (open-source) modelleri goldaýar. Pocket Lab-iň ähli mümkinçilikleriniň 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek halkara CES sergisinde giňişleýin görkezilmegi meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir