Ilkinji uikendiň jemi boýunça «Awatar 3: Ot we kül» filmi amerikan prokatynda 88 mln dollar gazandy, global kassa ýygymy bolsa 345 mln dollara ýetdi. Film ABŞ-da bu görkeziji boýunça öňdebaryjy boldy, ýöne prokata 2022-nji ýylda ilkinji dynç günleri içerki prokatda 134 mln dollar we dünýäde 435 mln dollar ýygnan franşizanyň ikinji bölüminden gowşak başlady diýip, Variety habar berýär. Üçünji filmiň netijeleri hatda ABŞ-da 100-130 mln dollary göz öňünde tutan deslapky çaklamalardan hem az boldy. Muňa garamazdan, global görkezijiler 2025-nji ýylda iň gowy netijeleriň biri boldy. Jeýms Kemeronyň filminiň býujeti 400 mln dollardan gowrak diýlip hasaplanýar. Analitikler «Awataryň» öňki bölümleriniň ýedi hepdäniň dowamynda prokatyň öňdebaryjylarynyň hatarynda saklanandygyny belleýär. Üçünji film hem şeýle netijäni görkezip biler. Üçünji filmiň premýerasy 18-nji dekabrda boldy. Filmiň sýužeti wulkanlaryň golaýynda ýaşaýan Na’wi urugyna ünsi jemleýär. Esasy gürrüň beriji Jeýk Salliniň ogly Loak boldy. Filmde baş keşpleri ýene-de Sem Uortington, Zoi Saldana, Keýt Uinslet we Sigurni Uiwer ýerine ýetirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir