9-14-nji dekabr aralygynda Hytaý Taýpeýinde ýokary okuw mekdeplerinde sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge «FISU Healthy Campus» atly halkara okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň baş sekretary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy Serdar Gurdow gatnaşdy. Bu barada institutda habar berdiler. Çäräni guraýjylar Halkara talyplar sport federasiýasynyň (FISU), Aziýanyň talyplar sport federasiýasynyň (AUSF) ýolbaşçylaryny we Merkezi Aziýanyň talyplar sport federasiýasynyň wekillerini bir ýere jemlediler. S.Gurdow maslahatda milli talyplar sportunyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy boýunça meýilnamalar barada hasabat bilen çykyş etdi. Fiziki we ruhy saglygy goramagyň häzirki zaman usullary, talyplaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we ýokary okuw mekdeplerine dolandyryş, sport we howpsuzlyk ulgamynda baha berýän «FISU Healthy Campus» maksatnamasynyň reýting ýörelgeleri - maslahatyň esasy temalary boldy. Dünýäniň «uniRank» reýtingine we Halkara beden terbiýesi we sport uniwersitetleriniň assosiasiýasyna girýän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty dünýä standartlaryny ornaşdyrmakda işjeň gatnaşyjy hökmünde bellenilip geçildi. 1995-nji ýyldan bäri FISU-nyň agzasy bolan Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasy daşary ýurtlaryň degişli hünär guramalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.