Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda Türkmenistanyň wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşlaryny — öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini tüýs ýürekden mübärekläp, bu kompaniýalar bilen Türkmenistany köpýyllyk netijeli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ýapon kompaniýalary bilen ýola goýlan hem-de netijeliligini görkezen gatnaşyklary yzygiderli giňeltmegini dowam etdirýär. Şol bir wagtda Türkmenistan täze, has giň gerimli we uzak geljegi nazarlaýan maksatlara ýetmegi ugur edinýär. Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin, durnukly, köpugurly häsiýete eýedir. Türkmenistan üçin Ýaponiýa ýokary tehnologiýaly ösüşiň, ykdysadyýete innowasion esasda çemeleşmegiň, senagat ösüşi bilen ekologik jogapkärçiligiň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň nusgasy bolup durýar. Ýapon kompaniýalarynyň ylym, senagat, önümçilik işlerini dolandyrmak, korporatiw menejment ulgamynda ýeten sepgitleri Türkmenistan üçin milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakda hem-de onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda möhüm nusga bolup hyzmat edýär. Serdar Berdimuhamedow çykyşynda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işlerine ýokary baha berdi. Nygtalyşy ýaly, “ITOCHU”, “Kawasaki”, “Mitsubishi”, “Sojitz”, “Toyo”, “Mitsui”, “Sumitomo”, “Komatsu”, “Toyota” we beýleki birnäçe kompaniýalar türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşdular we goşant goşmagyny dowam etdirýärler. Soňky ýyllarda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda häzirki zaman iri senagat desgalary ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Marydaky we Garabogazdaky ammiak hem-de karbamid önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumlaryny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Çärjew etrabyndaky gazturbinaly elektrik stansiýasyny görkezmek bolar. «Bilelikdäki işlerimiziň netijeleri häzirki wagtda geljege has ynamly garamaga mümkinçilik berýär» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi we Türkmenistanyň ýapon işewürler jemgyýetçiligine uzak möhletleýin maýa goýumlar, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri teklip etmäge taýýardygyny tassyklady. Türkmenistanyň Prezidenti energetika, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, ulag we logistika ulgamlaryny, ýokary tehnologiýaly we ekologiýa ugurly önümçilikleri, suw serişdelerini dolandyrmak, infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly ulgamlary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezip, ýurduň türkmen bazarynda ýapon tehnologiýalaryny we önümlerini, ilkinji nobatda, maşyngurluşyk, elektronika, himiýa senagaty önümlerini işjeň ilerletmäge taýýardygyny nygtady.