Tokioda geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşan Prezident Serdar Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiçi bilen duşuşdy. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berdi. Döwlet Baştutany iki ýurdy syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň köpýyllyk däpleriniň baglanyşdyrýandygyny aýdyp, özara gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berdi. Duşuşykda syýasy-diplomatik, ykdysady ulgamlarda alnyp barylýan bilelikdäki işleri dowam etdirmegiň zerurdygy barada aýdyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýapon işewürliginiň, maliýe institutlarynyň, ugurdaş agentlikleriň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşýan goşandyny belläp, täze önümçilikleri döretmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi tizleşdirmegiň göz öňünde tutulýandygyna ünsi çekdi. Şeýle-de türkmen tarapynyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, wodorod tehnologiýalary ýaly «ýaşyl» geçiş bilen bagly ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Ylym-bilim, medeniýet, ýaşlar, sport ulgamlary hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir