Britaniýaly boksçy, superagyr agramda öňki birleşdirilen dünýä çempiony Entoni Joşua amerikaly bloger we boksçy Jeýk Poldan üstün çykdy. Söweş 20-nji dekabrda ABŞ-nyň Maýami şäherindäki «Kaseýýa Sentr» arenasynda geçirilen ýaryşyň esasy wakasy boldy. Joşua söweşi altynjy raundda nokaut bilen tamamlady. Tutuş söweşiň dowamynda Joşuanyň güýji garşydaşyndan agdyk geldi. Dördünji raundda Pol ringe ýykyldy, ýöne emin nokdauny hasaba almady we dilden bellik etmek bilen çäklendi. Bäşinji raundda amerikaly eýýäm iki gezek nokdauna düşdi we urgulara zordan çydady. Altynjy üç minutlykda Joşua garşydaşyny üçünji nokdauna iberdi we emin söweşi saklady. Duşuşyk görkezme tutluşygy däl-de, agyr agram derejesinde resmi söweş boldy, şonuň üçin netije iki türgeniň hem professional statistikasyna goşuldy. Bu üstünlikden soň 36 ýaşly Joşuanyň hasabynda 29 ýeňiş we dört ýeňliş boldy. 28 ýaşly Poluň hasabynda 12 ýeňiş we 2 ýeňliş bar. Ýeňişden soň Joşua öz watandaşy Taýson Fýurini internetde oturman, elligini geýip, ringe çykmaga çagyrdy. «Bu meniň iň gowy çykyşym bolmady. Ähli zat meniň meýilleşdirenimden uzak dowam etdi. Bu Jeýk Pol üçin kyn boldy, ýöne ol hakyky erkek ýaly öz ýoluny tapmagyň ugrunda. Oňa çäksiz hormat goýýaryn. Ýeri gelende, eger Taýson Fýuri özüni güýçli ýigit hasaplaýan bolsa, onda oňa klawiaturadan elini aýryp, ellik geýip, meniň bilen ringe çykmak gerek, eger ol, hakykatdanam, howply ýigit bolsa. Gürrüňi uzaltmaly, gel, ringde duşuşaly we ýumruk bilen gürleşeli» — diýip, Joşua ringde aýtdy. 13-nji dekabrda The Ring žurnaly Fýuri bilen Joşuanyň 2026-njy ýylda Er-Riýadda söweşjekdigini habar beripdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir