19-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Tokio iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga we Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň ýapon böleginiň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär. Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň abraýly halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Şunda Türkmenistanyň we iri ýapon kompaniýalarynyň dürli ulgamlarda, şol sanda gaz pudagynda, himiýa senagatynda hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesini toplandyklaryny bellemek gerek. Şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyna üns çekildi. Duşuşyklarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» formatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyny geçirmek başlangyjynyň ähmiýeti nygtalyp, Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmek, iki ýurduň zenan ýolbaşçylarynyň özara hereketleriniň mehanizmini ýola goýmak bilen bagly teklipler beýan edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir