Blue Origin ilkinji gezek suborbital missiýanyň düzümine maýyp arabaly adamy goşdy. New Shepard raketasynyň uçuşyny 20-nji dekabrda Wan-Horn şäherindäki (Tehas ştaty, ABŞ) kosmodromdan amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Kompaniýanyň habar bermegine görä, NS-37 missiýasynyň ekipažyna alty adam girdi. Olaryň arasynda 2018-nji ýylda oňurga ýiliginiň şikesini alan Ýewropanyň kosmos agentliginiň inženeri Mikaela Benthaus hem bar. Şeýle-de, uçuşa maýadarlar Joui Haýd we Adonis Purulis, aerokosmos inženeri Hans Kenigsmann, telekeçi Nil Milç we kompýuter tehnologiýalary boýunça hünärmen Jeýson Stensell gatnaşar. Missiýanyň dowamynda kapsula 100 km belentlikde Karman çyzygyny kesip geçer, şondan soň paraşýut ulgamynyň kömegi bilen Ýere gonar. Ozal uçuş iki gezek togtadyldy: birinji gezek atmosferanyň ýokarky gatlaklarynda güýçli ýel sebäpli, ikinji gezek «uçuşdan öň ýüze çykarylan meseleler» sebäpli uçurmazdan 58 sekunt öň diýip, Blue Origin-iň wekilleri habar berdi. Jeff Bezos tarapyndan esaslandyrylan Blue Origin kompaniýasy suborbital syýahatçylyk bazarynda Virgin Galactic bilen bäsleşýär. New Shepard maksatnamasynyň durmuşa geçirileni bäri kosmosda 80 töweregi adam bolup gördi. Bu gämi üçin petegiň takyk bahasy aýan edilmeýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir