Ozal Hytaýda hödürlenen Redmi Note 15 Pro+ resmi taýdan halkara bazaryna çykdy. Ýöne satuw göni başlamaz: Ýewropada deslapky sargytlar 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda kabul edilip başlanar. Smartfonyň 8 GB operatiw we 256 GB hemişelik ýatly wersiýasynyň bahasy 500 ýewro, 12/512 GB bolsa 550 ýewro barabar. Halkara wersiýasy hytaý wersiýasyndan ep-esli tapawutlanýar. Esasy üýtgeşme kamera bilen baglanyşykly boldy: 50 Mp esasy sensoryň deregine 200 Mp Samsung datçigi ulanylýar. Teleobýektiwli modul ýok, ýöne 8 Mp ultra giňburçly kamera saklanyp galdy. Şeýle-de, 32 Mp frontal kamera bar. Global wersiýada 100 Wt çalt zarýady we 22,5 Wt ters zarýady goldaýan 6500 mA/sag sygymly akkumulýator oturdyldy. Hytaý wersiýasy 7000 mA/sag batareýa we 90 Wt zarýad alyş bilen üpjün edildi. Şeýle-de, halkara model ýogynrak boldy. Smartfon täzelenme ýygylygy 120 Gs we iň ýokary ýagtylygy 3200 kd/kw.m bolan 6,83 dýuýmlyk AMOLED ekranyna eýe boldy. Durulyk 2772×1280 piksele barabar. Ekran Corning Gorilla Glass Victus 2 aýnasy bilen goralýar. Smartfon Snapdragon 7s Gen 4 çipsetine esaslanýar. NFC, ekranasty barmak skaneri, Dolby Atmos tehnologiýasy bilen stereodinamikler, eSIM goldawy we IP69K ülňüsi boýunça gorag bar. Modeliň esasy aýratynlygy Xiaomi Offline Communication (tor örtügi bolmazdan «kilometrlere» ses aragatnaşygy) we aragatnaşygyň (Wi-Fi, Bluetooth, GPS we öýjükli ulgamlar) hilini gowulandyrmak üçin Xiaomi Surge T1S Tuner moduly boldy. Şol bir wagtyň özünde, 2026-njy ýylyň ýanwarynda çykjak Poco M8 we Poco M8 Pro modelleriniň Redmi Note 15 we Note 15 Pro+ smartfonlarynyň dizaýn we häsiýetnama üýtgeşmeleri bilen ady çalşylan wersiýalarydygy belli boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir