Amazon MGM Studios kinostudiýasy ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň aýaly Melaniýa Trampyň durmuşyna bagyşlanan «Melaniýa» dokumental filminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Film onuň adamsynyň resmi Prezident wezipesine girişmek dabarasyndan öň ýigrimi günlük döwri öz içine alýar. Wideo Kapitoliýa rotondasynda Melaniýanyň kamera «Biz ýene bärde» diýýän sahnasy bilen açylýar. Taslamany döretmek pikiri ABŞ-nyň Birinji hanymynyň özüne degişli, ol filmiň prodýuseri bolup hem çykyş etdi. Pikir 2024-nji ýylyň noýabrynda, Trampyň saýlawlardaky ýeňşinden soň peýda boldy. Şeýle filmi çykarmak hukugy üçin Disney, Netflix we Paramount ýaly uly media ägirtleri bäsleşdi, ýöne Amazon we MGM 40 mlrd dollar teklip edip, eksklýuziw ylalaşyk gazandy. Filmiň kinoteatrlarda global premýerasy 30-njy ýanwara meýilleşdirilýär. Soňra Amazon taslamany Prime platformasynda seriala çenli giňeltmek isleýär diýip, Fox News habar berýär.