Leonardo Di Kaprio baş keşbinde oýnan «Titanik» filmine hiç haçan tomaşa etmändigini boýun aldy. Bu barada aktýor Variety neşiri üçin söhbetdeşlikde aktrisa Jennifer Lourense aýtdy. Lourens aktýoryň tas otuz ýyl mundan ozal çykan filme gaýtadan tomaşa edýändigi ýa-da ýokdugy bilen gyzyklandy. «Ýok. Men ony öňem görmändim» — diýip, Di Kaprio jogap berdi. Aslynda, aktýor öz gatnaşan filmlerini görmegi halamaýar eken. Jennifer Lourens hem şeýle endige eýerýändigini aýdyp, kärdeşine, her niçik-de bolsa, filmiň gerimine baha bermegi maslahat berdi. «Gör, ol ajaýyp» — diýip, aktrisa belledi. Ol bu taslamanyň aýratyndygyny belläp, «Men “Titanige» meňzeş taslamada hiç haçan düşmändim, ýöne düşen bolsam, hökman görerdim» diýdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir