Saud Arabystanynyň we BAE-niň milli ýygyndylary howa şertleri sebäpli üçünji ýer üçin oýun ýatyrylandan soň Arap milletleriniň kubogynyň bürünç medallaryny özara paýlaşdy. Halkara futbol federasiýasy oýny 0:0 hasabynda tamamlanan diýip hasaplady we baýragy iki topara-da berdi. Duşuşyk Kataryň Er-Raýýan şäherindäki «Halifa» stadionynda geçirildi. Oýnuň birinji ýarymynda toparlar hasaby açyp bilmedi, ikinji ýarymda bolsa duşuşygyň baş emini, çilili Kristian Garaý toparlary meýdançadan çykarmagy tabşyrdy, çünki güýçli çabga oýny dowam etdirmäge mümkinçilik bermedi. Guramanyň resmi çözgüdine laýyklykda, milli ýygyndylar üçünji ýeri we pul baýragyny deň derejede paýlaşar. Arap milletleriniň kubogy 11-nji gezek geçirildi. Ýaryşyň ýeňijisi Marokkonyň milli ýygyndysy boldy. Ol finalda Iordaniýanyň toparyny 3:2 hasabynda utdy. Ýaryşyň iň köp titul alan gatnaşyjysy dört kubok bilen Yragyň milli ýygyndysy bolmagynda galýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir