ABŞ-nyň hökümeti raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen immigrasiýa wizalaryny (DV1) utuş maksatnamasyny gyssagly ýagdaýda togtatmak barada çözgüt kabul etdi. Donald Trampyň degişli buýrugy barada ýurduň içerki howpsuzlyk ministri Kristi Noem habar berdi. «Prezident Trampyň görkezmesi bilen, men haýal etmän USCIS-e (ABŞ-nyň Raýatlyk we immigrasiýa gullugy) DV1 maksatnamasyny togtatmagy tabşyrýaryn. Bu zyýanly maksatnama sebäpli amerikalylara zyýan ýetmezligini üpjün etmäge gönükdirilýär» — diýip, Kristi Noem X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy. Maksatnamanyň ýapylmagyna 14-nji dekabrda Braun uniwersitetinde bolup geçen atyşyk sebäp boldy. Noem günäkär diýlip güman edilýän Klaudio Manuel Neweş Walenteniň Birleşen Ştatlaryň çägine 2017-nji ýylda hut grin-kart lotereýasynyň ýeňijisi hökmünde gelendigini belledi. Diversity Visa maksatnamasy 1990-njy ýyldan bäri Döwlet departamentiniň ýolbaşçylygynda hereket edýärdi. Bu başlangyjyň çäklerinde her ýyl ABŞ-a immigrasiýa derejesi pes bolan ýurtlardan arza tabşyran ýaşaýjylaryň arasynda 50 müň ýaşaýyş ygtyýarnamasy utulýardy. Bu lotereýa geçen bäş ýylyň dowamynda ABŞ-a 50 müňden gowrak ýaşaýjysy göçüp gelen ýurtlardan başga dünýäniň ähli ýurtlarynyň raýatlary gatnaşyp bilýär. Ozal, 2017-nji ýylda Trampyň administrasiýasy howpsuzlyk meseleleri sebäpli bu lotereýany ýatyrmak teklibi bilen çykyş edipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir