Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijisi bolan Volkswagen kompaniýasy Drezdendäki zawodynda önümçiligi togtatmagy meýilleşdirýär diýip, "Financial Times" gazeti habar berýär. Bu kompaniýanyň 88 ýyllyk taryhynda Germaniýanyň çäginde önümçiligiň ilkinji gezek togtadylmagy bolar. Bu karar awtokonserniň maliýe görkezijileriniň peselmegi sebäpli kabul edildi. "Financial Times" gazetiniň maglumatyna görä, Hytaýyň bazaryndaky söwdanyň gowşaklygy, Ýewropada islegiň azalmagy hem-de ABŞ-daky satuwa oňaýsyz täsir eden amerikan gümrük paçlary ýagdaýyň kynlaşmagyna sebäp boldy. Şeýle-de, Volkswagen geljek bäş ýyl üçin niýetlenen, takmynan, 160 milliard ýewro möçberindäki maýa goýum býujetini paýlamakda kynçylyk çekýär. Kompaniýa içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryň ulanyş möhletiniň uzaldylmagynyň mümkindigini hem hasaba alýar. Şol bir wagtyň özünde, her ýyl gaýtadan seredilýän maýa goýum möçberi azaldyldy. Mundan ozal, 2023–2027-nji ýyllar aralygy üçin bu görkeziji 180 milliard ýewro deňdi. Oktýabr aýynda Volkswagen-iň maliýe direktory Arno Antlis kompaniýanyň 2025-nji ýyldaky arassa pul akymynyň ozal çaklanylyşy ýaly nola golaý däl-de, az-kem oňyn bolup biljekdigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, seljerijiler awtoulag öndürijisine bolan basyşyň dowam etjekdigini belleýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir