Tesla kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzalary 2004-nji ýyldan bäri, esasan, paýnama opsionlary görnüşinde jemi 3 milliard dollardan gowrak sylag gazandylar. "Equilar" kompaniýasynyň hasaplamalaryna esaslanyp, "Reuters" agentligi şeýle maglumat berýär. Agentlik bu sylaglaryň möçberiniň iri amerikan tehnologiýa korporasiýalarynyň ýolbaşçylaryna berilýän standart töleglerden ep-esli ýokarydygyny belleýär. Direktorlar geňeşiniň agzalarynyň arasynda iň uly möçberdäki sylaglary Tesla-nyň esaslandyryjysy we baş direktory Ilon Maskyň dogany Kimbal Mask (takmynan 1 milliard dollar), şeýle hem Aýra Erenpraýs (869 million dollar) we Robin Denholm (650 million dollar) aldylar. Opsionlaryň agramly bölegi 2020-nji ýyla çenli berildi. Şol ýyl bu tölegler kazyýet çekişmeleriniň predmetine öwrüldi: paýdarlar kompaniýanyň ýolbaşçylaryny aşa köp sylag almakda aýyplap, kazyýete arza berdiler. Şol döwürde direktorlar geňeşiniň her bir agzasy ortaça 12 million dollar (nagt pul we paýnama görnüşinde) aldy. Bu görkeziji, tölegleriň möçberi boýunça ikinji ýerde durýan "Alphabet" korporasiýasynyň berýän sylaglaryndan sekiz esse köpdür. Mundan başga-da, Tesla kompaniýasy Ilon Maskyň özüne birnäçe gezek ägirt uly möçberde bonuslary berdi. 2018-nji ýylda baglaşylan ylalaşyga görä, kompaniýanyň bazar kapitallaşmasy 100 milliard dollardan başlap, her 50 milliard dollar artanlygy üçin baş direktor paýnamalaryň 1%-ini almaly edilipdi. 2024-nji ýylda Delawer ştatynyň kazyýeti Maska şeýle uly bonusyň tölenmegini bökdedi. Şol wagt bu paýnamalaryň bahasy 55,8 milliard dollara deňdi. Şu ýylyň sentýabr aýynda Tesla-nyň ýolbaşçylary, eger on ýylyň dowamynda kompaniýanyň bazar bahasyny azyndan 8,5 trillion dollara ýetirse, Maska 1 trillion dollar tölemegi wada berdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir