Türkmen oba hojalyk institutynda «Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny» atly sanly ulgam arkaly II halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Institutyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, forum ýurdumyzyň agrar-senagat toplumyny tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Maslahatyň işine dünýäniň 14 ýurdundan öňdebaryjy alymlar we hünärmenler gatnaşdy. Guramaçylyk topary tarapyndan 260-a golaý degişli ylmy iş gözden geçirildi we ulgamlaşdyryldy. Geçirilen maslahat «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde amaly ädim bolup durýar. Öňdebaryjy ylmyň hakyky önümçilige ornaşdyrylmagy ykdysadyýetiň durnukly ösüşini we azyk bolçulygyny üpjün etmegiň esasy şerti hökmünde ykrar edildi. Foruma gatnaşyjylar oba hojalygynda innowasion binýadyň döredilmeginiň ýurduň geljegine goýulýan strategik maýa goýumdygyny hem-de global klimat wezipeleriniň şertlerinde onuň durnukly ösüşiniň girewidigini nygtadylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir