Italiýaly fotosuratçy Walter Binotto bir suratda örän seýrek duş gelýän iki atmosfera hadysasyny: gyzyl spraýty we «elfi» surata düşürmegi başardy. Özboluşly kadr noýabryň ahyrynda Possanýo şäheriniň golaýynda düşürildi. Binotto atmosferanyň ýokarky gatlaklaryndaky ýyldyrymlaryň üýtgeşik utgaşmasyny surata aldy. Spraýt suratyň merkezindäki gyzyl şaha şekilli emele gelme bolup, ony gurşap alýan gyzyl «uçýan disk» «elf» diýlip atlandyrylýar. «Elf» (ELVES – Emission of Light and Very Low Frequency perturbations due to Electromagnetic Pulse Sources) – bu güýçli ýyldyrym urgusy güýçli elektromagnit impulsyny döredende ýüze çykýan atmosferanyň ýokarky gatlaklaryndaky razrýadlaryň çalt ýitýän görnüşi. Gyzyl halka impulsyň Ýeriň ionosferasyna ýeten ýerini görkezýär. Ol şeýle bir çalt ýitýär welin, adamlaryň köpüsine ony görmek miýesser etmeýär. Suratda ýyldyzlaryň görünmeginiň netijesinde, fotosuratçy «elfiň» ululygyny çaklap bildi: onuň beýikligi, takmynan, 85 kilometre, diametri, takmynan, 230 kilometre ýetýär. Spraýt 40-dan 100 kilometre çenli belentlikde çabga bulutlarynyň üstünde peýda bolýan sowuk plazma razrýadydyr.