Awstraliýanyň Incat Tasmania gämi gurluşyk kompaniýasy tarapyndan gurlan we doly elektrik energiýasy bilen işleýän dünýäde iň uly gämi Tasmaniýanyň Hobart şäherinde ilkinji suw synaglaryny üstünlikli tamamlady. Bu barada Interesting Engineering habar berýär. «Bu ilkinji gezek şeýle uly gäminiň doly derejede batareýa-elektrik tirkegine daýanyp, synagdan geçmegi boldy. Bu toparymyzyň ajaýyp üstünligi we gämi gurluşygy üçin möhüm pursat» — diýip, Incat kompaniýasynyň başlygy Robert Klifford belledi. Uzynlygy 130 metr bolan gämi Günorta Amerikanyň Buquebus operatory üçin niýetlenýär we 2100 töweregi ýolagçyny hem-de 220-den gowrak ulag serişdesini daşamaga ukyplydyr. Gämi 250 tonnadan gowrak akkumulýatordan ybarat energiýa ulgamyny ulanýar. Batareýalaryň umumy sygymy 40 000 kilowatt/sagatdan geçýär, bu bolsa ozal döredilen islendik deňiz akkumulýator toplumyndan dört esse köpdür. Batareýa ulgamy sekiz elektrik ýöredijisine elektrik energiýasyny berýän 5016 litiý-ion elementlerini öz içine alýar. Gämi 90 minutlyk gatnawy ýerine ýetirip bilýär, ýöriteleşdirilen infrastrukturada akkumulýatorlaryň doly zarýady bolsa 40 minut töweregi wagt alýar. Gäminiň hemişelik ugry Buenos-Aýres (Argentina) bilen Koloniýa-del-Sakramentony (Urugwaý) birleşdirýän Rio-de-la-Plata estuarisi arkaly geçiş bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir