Hytaýyň “Týangun” orbital stansiýasynda kosmos galyndysynyň kiçijik böleginiň üç kosmonawty dokuz günläp "gabap" saklan hadysasyndan takmynan bir aý soň, ekipaž stansiýanyň gurluşyna üýtgeşmeler girizmäge başlady diýip, CGTN döwlet teleýaýlym ulgamy habar berýär. Hytaýly kosmonawtlar Çžan Lu we U Feý sekiz sagatlyk açyk kosmosa çykmagy amala aşyrdylar. Işleriň dowamynda olar stansiýanyň daşky gatlagyna kosmos galyndylaryndan goraýan panelleri gurnadylar. Şeýle hem, stansiýanyň daşky ýüzüni gözden geçirdiler we uly bolmadyk abatlaýyş işlerini geçirdiler. Hytaýyň Dolandyrylýan kosmos uçuşlary müdirligi (CMSA) kosmos galyndysynyň urulmagy netijesinde ýeten zeperler sebäpli, gysga wagtyň içinde (iki hepdeden hem az wagtda) "Týanguna" pilotsyz kosmos gämisini iberdi. Ozalky ekipažy 5-nji noýabrda Ýere getirmeli bolan "Şençžou-20" gämisiniň illýuminatorynda jaýryk emele gelip, ol yzyna dolanmak üçin ýaramsyz diýlip hasaplandy. Netijede, stansiýa "Şençžou-20"-de gelen ekipaž yzyna dolanmak üçin "Şençžou-21" gämisini ulandy. Täze gelen kosmonawtlar bolsa wagtlaýynça ýörite "ulagsyz" galdylar. Bu meseläni çözmek üçin gyssagly wezipe amala aşyryldy: "Şençžou-21"-iň ekipažy täze yzyna dolanyş apparatyny — "Şençžou-22"-ni aldy. Maglumatlara görä, bu gämi stansiýa üçin kosmos galyndylaryndan goraýan materiallary hem eltip berdi. Orbital galyndylar dünýä kosmonawtikasy üçin iň uly meseleleriň biri bolmagynda galýar. Hatda iň kiçijik bölejikler hem howplydyr, sebäbi olar sagatda 25 000 kilometr tizlik bilen hereket edýärler. Bu bolsa Ýerdäki okdan ortaça 10 esse çaltdyr. Ýer golaýyndaky giňişlikde 25 000-den gowrak iri obýekt yzarlanýar, anyklap bolmaýan kiçijik bölejikleriň sany bolsa on millionlarça diýlip çaklanylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir