Türkmenistan 14-nji dekabrda Tähranda Owganystan boýunça geçirilen ýokary derejeli sebit duşuşygyna gatnaşdy. Maslahatyň esasy maksady — ýurtdaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin sebitara çemeleşmeleri utgaşdyrmakdan ybarat boldy. Maslahata Owganystanyň goňşy döwletleriniň we sebit hyzmatdaşlarynyň, hususan-da, Eýranyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň we Täjigistanyň ýörite wekilleri gatnaşdy. Gatnaşyjylar Owganystanda durnuklylygy üpjün etmekde goňşy döwletleriň esasy ornuny tassykladylar. Şeýle hem durnuklylygyň diňe daşky taraplaryň sebit işlerine gatyşmazlyk şerti bilen mümkindigini nygtadylar. Taraplar Owganystan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary saklamagyň ähmiýetine ünsi çekdiler. Bu çemeleşme ykdysady ösüşi owgan halkynyň durmuşyny gowulandyrmagyň we sebit integrasiýasynyň esasy faktory hasaplaýan Türkmenistanyň ugruna doly gabat gelýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir