Türkmenistanly mekdep okuwçysy Baýmuhammet Annamuhammedow "International Mental Arithmetic & English Language Olympiad – Independence Cup" (Halkara mental arifmetika we iňlis dili olimpiadasy – Garaşsyzlyk kubogy) atly halkara ýaryşynda ýeňiş gazandy. Bäsleşik "AMAKids" halkara akademiýasy tarapyndan guraldy. Almaty şäherinde geçirilen bu intellektual bäsleşik Gazagystanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlandy. Olimpiada dürli döwletlerden gelen çagalar we ýetginjekler gatnaşyp, olar mental arifmetika hem-de iňlis dili boýunça öz ukyplaryny görkezdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça B.Annamuhammedow öz kategoriýasynda birinji orny eýeledi. Ol öz garşydaşlarynyň arasynda iň ýokary netijäni görkezmegi başardy. "Independence Cup" olimpiadasy ýaş nesliň dil we intellektual ukyplaryny ösdürmek maksady bilen halkara formatynda yzygiderli geçirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir