Merriam-Webster amerikan sözlügi «slop» adalgasyny 2025-nji ýylyň sözi diýip ykrar etdi. Ol jikme-jik «ýuwundy» diýlip terjime edilýär, ýöne häzirki günde, esasan, emeli aň tarapyndan döredilen pes hilli kontenti aňlatmak üçin ulanylýar. Redaktorlar bu adalganyň saýlanmagynyň bolgusyz wideolaryň, manysyz mahabat suratlarynyň, arzan propagandanyň, galp habarlaryň we EA-nyň ulanylmagy bilen döredilen kitaplaryň barha giňden ýaýramagy bilen baglanyşyklydygyny düşündirýär. Şol bir wagtyň özünde, ulanyjylar gahara ýa-da nägilelige sebäp bolýandygyna garamazdan, şeýle kontentleri ulanmagy dowam etdirýär. «Slop» sözüniň özi XVIII asyrda peýda boldy we şol wagt laýy ýa-da hapany aňladýardy, soňra bolsa «galyndy» we «ýuwundy» manylarynda ulanylyp başlandy. «Ekranlarymyza çykýan bu zibilleriň ählisi bary-ýogy dört harp bilen aňladyldy: iňlis dili ýene-de tamamyzy ödedi» — diýlip, sözlügiň habarynda aýdylýar. Şeýle-de, sözlük 2025-nji ýylda ulanyjylar tarapyndan köp gözlenen sözleriň sanawyny hödürledi. Olara gerrymander (saýlaw okruglaryny manipulýasiýa etmek), touch grass («oty ellemek», gajetden daşary köp wagt geçirmek manysynda), performative (göz üçin) we tariff (salgytlar), six seven aňlatmasy («alty ýedi», bu sözüň bir manysy ýok we ol duýgulary bildirmegiň ýa-da arakesmäni doldurmagyň usuly hökmünde hyzmat edýär), konklaw we Roblox oýnundan Char­gog­ga­gogg­man­chaug­ga­gogg­chau­bu­na­gun­ga­maugg köli degişlidir. Geçen ýyl Merriam-Webster tarapyndan ýylyň sözi hökmünde «jemgyýetde düşünişmezlikleriň artmagy» sebäpli polarization saýlanypdy. Ýatlap geçsek, ýakynda beýleki sözlükler hem ýylyň sözüni kesgitledi. Iňlis diliniň Oksford sözlügi 2025-nji ýylyň sözi diýip rage bait («gazap duzagy») söz düzümini, Kembrij sözlügi bolsa parasocial («parasosial») sypatyny saýlady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir