Instagram ulanyjylara Reels gysga wideo tekliplerine täsir edýän temalary görmäge we üýtgetmäge mümkinçilik berýän Your Algorithm guralyny işe girizdi. Bu barada TechCrunch habar berýär. Täze bölüm ýokarky sag burçda iki çyzykly we ýürekli nyşanjyga basylandan soň açylýar. Onda ulanyjynyň hereketi we maglumatlaryň emeli aň algoritmleri tarapyndan işlenmeginiň esasynda düzülen gyzyklanmalaryň sanawy görkezilýär. Hyzmat Instagram-yň has laýyk hasaplaýan temalaryny görkezýär we haýsy temalary köp ýa-da az görkezmelidigini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Sanawda ýok temalary elde goşup hem bolar, şondan soň teklipler täzelener. Şeýle-de, öz islegleriňi gysgaça beýan etmek bilen Stories-de paýlaşmak mümkinçiligi göz öňünde tutuldy. Funksiýa ABŞ-da 10-njy dekabrdan bäri işleýär we ýakyn wagtda programmanyň iňlis dilindäki wersiýasynyň beýleki ulanyjylary üçin elýeterli bolar. Geljekde bu guraly Explore we beýleki bölümlere goşmak meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir