11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila Nowa bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär. San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Bitarap Türkmenistanda saparda bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýy esasynda daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Bu ugurda ýurdumyz Afrika döwletleri bilen gatnaşyklaryň geljeginiň uludygyny göz öňünde tutup, sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Prezident Karlos Manuel Wila Nowanyň şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşandygyny belläp, bu saparyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda möhüm ähmiýetli waka bolandygyny aýtdy. Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyny Aşgabat şäherinde kabul edýändigine kanagatlanma bildirip, şu gezekki saparyň üstünliklere beslenip, Türkmenistan bilen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir