11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy. Waagn Haçaturýan türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Aşgabatda geçirilýän forumyň sebit we dünýä derejesinde gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy. Şeýle-de ol Türkmenistanyň gözel tebigatynyň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny belläp, ýurdumyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda durmuşa geçirýän başlangyçlaryna ýokary baha berdi hem-de ermeni tarapynyň bu ugurda hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady. Serdar Berdimuhamedow Prezident Waagn Haçaturýanyň ýurdumyza saparlarynyň hem-de Türkmenistanda geçirilýän möhüm çärelere gatnaşmagynyň Ermenistanyň açyk, netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi hem-de Awazada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Baştutany bilen geçiren netijeli gepleşiklerini ýatlady. Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin zerur şertleriň bardygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň geljegi uly taslamalary işläp taýýarlamak we eksport-import amallaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir