11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Sadyr Žaparow halkara forumyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýdyp, Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak forumda häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistany we Gyrgyz Respublikasyny dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Taryhyň, medeniýetiň umumylygy, milli däp-dessurlara ygrarlylyk we bilelikdäki ösüşe ymtylmak onuň berk binýadyny emele getirýär. Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar barada pikir alyşmagyň dowamynda özara haryt dolanyşygynyň netijeli ösüş häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler we ony mundan beýläk-de artdyrmak üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir