11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşmak maksady bilen paýtagtymyza gelen daşary ýurtlaryň döwlet we Hökümet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Serdar Berdimuhamedow Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlamini, Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministri Nýo So, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze, Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda belent mertebeli myhmanlar türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda geçirilýän halkara maslahatyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we olaryň çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutladylar.