11-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa bilen geçirilen duşuşykda Aşgabatda geçirilýän forumyň halkara gün tertibiniň, durnukly ösüşiň we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirildi. Tatýana Walowaýa Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga goşýan goşandyny belläp, BMG-niň wekili hökmünde bu halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň BMG-niň işine, onuň sebitde syýasy-diplomatik dialogy, ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça tagallalaryna mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini tassyklady. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglu bilen duşuşykda Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýändigi bellenildi. Bu ugurda ýurdumyz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi. Gahryman Arkadagymyz energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde anyk işleri durmuşa geçirýändigini aýdyp, Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak üçin ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy anyk ugurlar boýunça giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürildi. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn derejede, BMG ýaly abraýly halkara guramalaryň, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýarlar. Şeýle hem köpugurly gatnaşyklaryň çäginde parlament diplomatiýasynyň ornunyň barha artýandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Gahryman Arkadagymyz Kim Çžin Pýonuň Koreýa Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysy bolup işlän döwründe Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşandygyny aýdyp, türkmen-koreý gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda edýän ähli işleri üçin oňa minnetdarlyk bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir