Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän iri halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada ýokary derejeli myhmanlar geldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi dostlukly ýurtlaryň birnäçesiniň Prezidentlerini Aşgabadyň Halkara howa menzilinde garşylady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara howa menzilinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen gysgaça ikiçäk duşuşyklary geçirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iri halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, Türkmenistana gelendikleri üçin döwlet Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirdi. Söhbetdeşlikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki wagtda barha ösdürilýändigine üns çekilip, hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykaryljakdygyna ynam bildirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir