11-nji dekabrda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär. Dabarada çykyş edenler oňa gatnaşyjylary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar hem-de munuň ilatyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň netijesidigini bellediler. Täze öýleriň eýelerine açarlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şol pursatda asmana ak kepderiler uçuryldy. Joşgunly aýdym-sazlaryň owazy bilen utgaşyklylykda parahatçylygyň, dost-doganlygyň we asudalygyň nyşany hasaplanylýan kepderileriň uçurylmagy ajaýyp baýramçylygyň — hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk senesiniň we her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň many-mazmuny bilen sazlaşýar. Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň dürli milli toýlarynyň medeniýet işgärleri we sungat ussatlary tarapyndan sahnalaşdyrylan tomaşasyny hem synladylar. Şolarda dünýä inen täze bäbejigiň maşgala ojagyna gelmegi, diş, galpak, sünnet toýlary, maşgalada gelin edinmek toýy we beýleki milli däp-dessurlar ussatlyk bilen janlandyryldy. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar täze jaýdan nesibeli bolan maşgalalaryň öýlerine baryp, döredilen amatly şertler bilen tanyşdylar.