11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoi hem-de «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kim Bo Hýon bilen duşuşyklary geçirdi. Döwlet Baştutany häzirki wagtda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, täze senagat toplumlaryny döretmek, energetika we himiýa pudaklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasy bilen gaz we himiýa senagatynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda oňyn tejribäniň toplanylandygyny belledi hem-de Türkmenistanyň himiýa senagatynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, täze önümleri öndürmek, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardygyny beýan etdi. Ýaponiýaly işewür bildirilýän ynam we netijeli iş alyp barmaga döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşant goşmagyň özleri üçin uly buýsançdygyny belledi. Kim Bo Hýon bilen geçirilen duşuşykda Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda «Daewoo» kompaniýasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň gurluşyk işlerini alyp barýandygyny belläp, koreý kompaniýasynyň bu taslamany ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirjekdigine, onuň täze we döwrebap tehnologiýalary, ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzda döwlet hem-de sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda mundan beýläk-de netijeli işleri geçirjekdigine ynam bildirdi. Kim Bo Hýon bildirilen uly ynam hem-de geljegi uly türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaga döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.