11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid bilen duşuşdy. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan Halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi diýip, TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Halkara forumyň ählumumy parahatçylygy berkitmekde, halklaryň arasynda ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmakda we häzirki döwrüň meseleleriniň bilelikdäki çözgüdini işläp taýýarlamakda möhüm esas boljakdygyna, Prezident Abdul Latif Raşidiň ýurdumyza şu saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasyndaky dostluga, birek-birege hormat goýmaga we özara ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. Biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn derejede hem-de abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.