11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif bilen duşuşdy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Pakistan bilen Birleşen Milletler Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde Týanszin şäherinde Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif bilen geçiren duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ýokary woltly elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň tutuş sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge itergi berjekdigine hem-de parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertine öwrüljekdigine ynam bildirdi. Mundan başga-da, iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir