10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahata dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan wekiliýetler gatnaşdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biz halkara hyzmatdaşlyk mehanizmlerine, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde täze netijeli formatlary hem-de platformalary döretmäge goşant bolup biljek anyk teklipleri öňe sürmäge çalyşýarys diýip, gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa belledi hem-de türkmen tarapynyň hyzmatdaşlar bilen bilelikde işlemäge taýýar birnäçe başlangyçlary bilen tanyşdyrdy. Birinji başlangyç: Çagalaryň saglygy hakynda ählumumy pakt. Bu teklibiň mazmuny “her bir çaganyň saglyga hukugy bardyr” diýen jümlede öz beýanyny tapýar. Bu başlangyjyň çäklerinde halkara derejede bu ugurda tagallalary birleşdirmek üçin platformalaryň biri bolup biljek çaga saglygy hakyndaky halkara paktyny döretmek teklip edilýär. Ýaşaýan ýerine, jemgyýetçilik derejesine ýa-da ýaşaýyş-durmuş şertlerine garamazdan, çagalaryň saglygy üçin döwletleriň we halkara guramalaryň bitewi jogapkärçilik gurşawyny döretmek bu başlangyjyň maksadydyr. Pakt özünde: elýeterli çaga lukmançylygynyň köpugurly standartlaryny, şol sanda howply keselleriň waksinasiýasyny, irki anyklaýşyny we bejergisini; ösüp barýan ýurtlarda öňdebaryjy çözgütleriň elýeterliligini üpjün etmek üçin tehnologiýalary we lukmançylyk innowasiýalaryny alyşmak mehanizmini; göwreli zenanlary, ýaş eneleri we bäş ýaşa çenli çagalary goldamaga gönükdirilen enelik we irki ösüş maksatnamalaryny; çagalaryň zerurlyklaryna gönükdirilen hassahanalary, mekdepleri we sagaldyş-dikeldiş merkezlerini döretmek ýaly infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara maksatnamalary; ýurtlaryň bu ugurdaky ösüşleri deňeşdirmekleri hem-de wehimlere garşy bilelikde çäre görmekleri üçin çagalaryň saglyk ýagdaýy barada gözegçiligi, seljeriş panellerini we her ýylky hasabatlary jemläp biler. Çagalaryň saglygy baradaky ählumumy pakt BMG-niň, ÝUNISEF-niň, BSGG-niň, hökümetleriň we ynsanperwer gaznalaryň tagallalaryny birleşdirýän hem-de çagalaryň saglygy babatda deňsizlige ýol bermezlik barada halkara ynsanperwer ylalaşygy emele getirýän gural, ýagny täzelenen ählumumy ylalaşyk bolup biler. Ikinji başlangyç: «Ynsanperwer merkezler» atly zenanlary we çagalary goldamak merkezleriniň halkara tory. Bu başlangyç ynsanperwer goldawyň ählumumy infrastrukturasynyň — gapma-garşylyklar, tebigy betbagtçylyklar, migrasion akymlar ýa-da sosial çökgünlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýurtlarda ýerleşdiriljek Ynsanperwer merkezleriň torunyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Her bir merkez birbada birnäçe wezipeleri, hususan-da, zenanlara we çagalara lukmançylyk we psihologik kömegi, şol sanda şikeslerden we stresslerden soňra dikeldiş kömegini bermek; çagalaryň çökgünlik wagtynda okuwa elýeterliligini üpjün etmek üçin bilim maksatnamalary we howpsuz okuw gurşawyny döretmek; zenanlara durmuş we hukuk goldawyny bermek, şol sanda resminamalaryny dikeltmek, hukuklaryny goramak, çylşyrymly durmuş ýagdaýynda goldamak; azyk önümleri, gorag, wagtlaýyn ýerleşdirmek, göçme lukmançylyk toparlary ýaly dessin ynsanperwer kömegi bermek ýaly wezipeleri ýerine ýetirip biler. ÝUNISEF, BSGG, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, BMG — Zenanlar ýaly möhüm düzümleriň, iri haýyr-sahawat gaznalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalaryny birleşdirýän bitewi halkara platformanyň döredilmegi bu başlangyjyň möhüm bölegidir. – «Ynsanperwer merkezler» diňe bir ýardam merkezleri bolman, eýsem, zenanlara we çagalara yzygiderli goldaw berýän ählumumy ynsanperwer binýady emele getirýän hyzmatdaşlyk, tejribe alyşmak we hünärmenleri taýýarlamak giňişligi hem bolup biler diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy hem-de beýan edilen başlangyçlaryň halkara jemgyýetçilikde goldaw tapjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti türkmen tarapynyň bu başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça netijeli dialoga taýýardygyny tassyklady. Soňra plenar mejlise gatnaşyjylaryň çykyşlary diňlenildi. Olaryň hatarynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa, Özbegistanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa, Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa, San-Tome we Prinsipi Demoktarik Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Selmira du Sakramentuwa, Täjigistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Dilrabo Mansuri Saýdullo, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, Eswatini Patyşalygynyň içeri işler ministri Lindiwe Dlamini, Malaýziýanyň zenanlar, maşgala we jemgyýetçilik ösüşi ministri Dato Şri Haja Nensi Şukri, Kataryň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned, Eýranyň Hökümetiniň metbugat sekretary Fatemeh Mohajerani, Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Durmuş syýasaty boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Žanna Çefranowa, Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň wise-prezidenti we Sekretariatynyň birinji agzasy Huan Sýaoweý, Gazagystanyň saglygy goraýyş ministri Akmaral Alnazarowa, Gyrgyz Respublikasynyň bilim ministri Dogdurkul Kendirbaýewa çykyş etdi. Soňra halkara maslahat öz işini «Zenanlaryň we çagalaryň bähbidine döwlet dolandyryşy we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan işler», «Zenanlar üçin ykdysady mümkinçilikler», «Bilim, çagalary terbiýelemek, saglygy goraýyş we ekologiýa ulgamlarynda zenanlaryň jemgyýetçilik işjeňligi» atly bölümlerde dowam etdi.