10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Bu barada TDH habar berýär. Hususan-da, O.Atabaýewa Özbegistanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa, San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Selmira du Sakramentu, Täjigistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Dilrabo Mansuri Saýdullo, Eswatini Patyşalygynyň içeri işler ministri Lindiwe Dlamini, Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň N.I.Pirogow adyndaky ylmy-barlag lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, Plastik, rekonstruktiw we estetiki hirurglar jemgyýetiniň prezidenti Natalýa Manturowa, Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned, Hytaý Halk Respublikasynyň Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň wise-prezidenti we Sekretariatynyň birinji agzasy Huan Sýaoweý, Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň metbugat sekretary Fatemeh Mohajerani bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň barşynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň Türkmenistanda zenanlaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek, olaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek wezipesine örän jogapkärçilikli çemeleşilýändigine, bu ugurda döwlet derejesinde alada edilýändigine şaýatlyk edýändigi aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Awazada geçirilýän bu halkara forumyň zenanlaryň hukuklaryny ilerletmek babatda meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança bolup durýandygy bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir